Ýaşlaryň bagtyýarlygy - "Watanymyzyň buýsanjy" ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” Mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Garaşsyzlyk ak ýolunda Berkararlyk Penasynda – Arkadagymyz bar. Döwletlilik rowanynda – Arkadagly Serdarymyz bar” şygary bilen 2024 – nji ýylyň 17 – nji sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezini, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde “Ýaşlaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjy” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. 
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir” diýen altyn jümlelerinden ugur alyp, türkmen ýaşlaryny bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelemek, olarda watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny kämilleşdirmek we çeperçilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň başynda şerti bilen tanyşdyryldy. Bäsleşigi adalatly bahalandyrjak emin agzalar bellenildi. Bäsleşigiň soňunda has tapawutly çykyş edenler Baş baýraga we 1, 2, 3-nji ýerlere mynasyp bolan dört sany ýeniji toparlar yglan edildi we olar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşige gatnaşyjylyr bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.

Baş baýragyň eýesi – I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Birinji ýeriň eýesi -   Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi
Ikinji ýeriň eýesi-D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi                                                                         
Üçünji ýeriň eýesi   -  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag  şäheri, Arkadag  şaýoly, jaý 22.

Telefon belgiler:
+9912-57-20-21