“Bilimler we talyp ýaşlar güni” dabaraly pursady.
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli geçiriljek dabaraly çäresi geçirildi. Irdenki çärede 2-nji ýyl talyplar 1-nji ýyl talyplara bilimler ummanyň açaryny hem-de talyplyk şahadatnamasynyň nusgasyny gowşurmagy we 1-nji ýyl talyplaryň Türkmenistanyň Ýaşyl Tuguny togap edip, okuw binasynyň gapysyndan girdiler.