01 sentýabr 2026 sagat 09:00 200 görülme

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde “Bilimler we talyp ýaşlar güni”mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda meýilnama laýyklykda mekdebiň mejlisler zalynda mugallymlaryň we I ýyl talyplaryň gatnaşmagynda Gahryman zenan, ussat lukman Saçly Dursunowanyň ömür döredijiligi bilen tanyşdyrylyş dabarasy we ilkinji jaň sesiniň ýaňlanmagy bilen talyplaryň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly atly ilkinji okuw sapagy geçirildi.

