23 aprel 2026 sagat 10:00 10 görülme

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik, saglyk ulgamlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr" atly spartakiadanyň çäginde ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryş munyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaryş oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek, estafeta ylgawy (4x100 metr) ýaly ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça geçirildi. Ýaryşda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebimiziň I ýyl talyby Döwletgeldiýewa Ogulşat "Ýeňil atletika" boýunça gyzlaryň arasynda 100 metre we 1000 metre ylgaw boýunça 2-nji baýrakly orna mynasyp boldy.

