
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

